Sagdyn, ruhubelent nesil röwşen geljegimizdir

26 Noýabr 2021
207

Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň bilelikde guramaklarynda «Sagdyn, ruhubelent nesil röwşen geljegimizdir» ady bilen wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Ýaş nesliň saglygyny goramakda, ýaşlaryň sagdyn durmuş ýörelgesine eýermeklerini gazanmakda hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan wezipelerini ýerine ýetirmek, ýaşlaryň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklaryny gazanmak maksady bilen, welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde geçirilen çärä döwlet konserniniň edara-kärhanalarynda zähmet çekýän işgärler gatnaşdylar.

Milli Liderimiziň tutuş dünýäde ykrar edilen ynsanperwer döwlet syýasatynda halkymyzyň iň gymmatly baýlygy bolan saglygyny hemmetaraplaýyn goramak hem-de pugtalandyrmak aýratyn üns berilýän ugurlaryň biri bolup durýar. Arkadag Prezidentimiziň tagallasy bilen ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmak, ömür dowamlylygyny uzaltmak, sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak ugrunda örän uly işler durmuşa geçirilýär. Bu işleriň ählisi halkymyzyň, hususan-da ýaşlaryň eşretli geljegine gönükdirilendir.

Gülbahar BAÝRAMMÄMMEDOWA,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň esasy hünärmeni.