Parahatçylygy we dostlugy dabaralandyrýan taglymat

26 Noýabr 2021
259

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» diýen şygar astynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän üstümizdäki ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy giňden bellenilip geçilen eziz Watanymyzyň dünýädäki abraý-mertebesiniň beýgelmeginde, Ýer ýüzünde belent ykrarnama eýe bolmagynda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesiniň örän uly ähmiýeti bar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň parasatlylyk bilen nygtaýşy ýaly, «Bitaraplyk biziň parahatçylygy, dostlugy, ynsanperwerligi, hyzmatdaşlygy, ösüşi dabaralandyrýan taglymatymyzdyr. Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasaty parahatçylygyň ýoludyr, dünýä halklaryny dost-doganlyga çagyrýan ýoldur».

Hawa, parahatçylyk söýüjilik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege özara hormat goýmak arkaly pugtalandyrylýan hyzmatdaşlyk türkmen halkynyň müňlerçe ýyllyk taryhynda elmydama esasy orunda goýan ýörelgeleridir. Şol esasdan, halkymyzyň özbaşdak döwletli bolandan soň, oňyn bitaraplyk ýoluny saýlap almagyny parasatly ata-babalarymyzyň asylly ýörelgesiniň dowamat--dowam bolmagy diýip, buýsanç bilen aýtmak bolar. Şol esasdan, 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry Garaşsyz Türkmenistanyň hem-de türkmen halkynyň ykbalynda şöhratly sene hökmünde taryhyň gatlaryna ebedilik ýazyldy. Hemmämiziň bilşimiz ýaly, şol gün BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygyny ykrar edýän taryhy Kararnama kabul edildi. Bu senäniň diňe bir biziň ýurdumyzyň hem-de halkymyzyň ykbalyna, taryhyna dahylly sene bolman, eýsem-de, bütin Ýer ýüzüniň ýurtlaryna, halklaryna dahyllydygyny aýratyn nygtamak gerek. Sebäbi ýurdumyzyň Bitaraplyk hukuk derejesi BMG-ä agza bolup durýan döwletleriň ählisi tarapyndan biragyzdan goldanylypdy we Türkmenistan dünýäde bu abraýly gurama tarapyndan resmi taýdan ilkinji Bitarap döwlet diýlip yglan edildi. 

Nurbibi DÄDEBAÝEWA,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Balkanabat şäher komitetiniň başlygy.