Gymmaty egsilmeýän eserler

26 Noýabr 2021
229

Dana halkymyzyň kitaba bolan çuňňur garaýşyny, söýgi-sarpasyny häzirki bagtyýar günlerimizde has aýdyň görýäris. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ösüşiň täze belentliklerine çykýan ýurdumyzda kitaba bolan hormat, söýgi has-da artýar. Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary  okyjylaryň arasynda uly gyzyklanma döredip, gymmatly gollanma bolup hyzmat edýär.

Arkadag Prezidentimiziň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynda çapdan çykan «Ak şäherim Aşgabat», «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitaplary, «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly ylmy-ensiklopedik eseriniň XIII jildi ýubileý ýylyny has-da şöhratlandyrdy. Bu eserler egsilmez paýhasy özünde jemleýän bahasyz hazynadyr. Ajaýyp eserler arkaly ýyllar içre gözellige beslenýän paýtagtymyz Aşgabat, onuň taryhy, ata Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýylýazgysy, altyn sahypalary, ýetilen belent sepgitler, gazanylan ösüşler, sahawatly türkmen topragynda ösýän ösümlikleriň dermanlyk häsiýetleri baradaky maglumatlar bilen giňişleýin tanyşmak bolýar.

Tawusgül ARAZNEPESOWA,
Balkanabat şäherindäki 24-nji orta mekdebiň mugallymy.