Bitaraplyk aýdymy

26 Noýabr 2021
263

Ata Watan — göz guwanjym, dünýä meşhurdyr adyň,
Öňe sary ümzügiň, egsilmez bedew badyň,
Köpler oňlar ýörelgäňi, berkdendir binýadyň,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Arkadagyň paýhasyndan artýar şöhraty-şany,
Ynsanperwer başlangyçlaň köpdür hasaby, sany,
Adyl, aýdyň ýörelgeler kalpda goýmaz armany,
Berkarardyr, Bitarapdyr eziz Türkmenistanym!

Aşyrmyrat ATAMYRADOW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Hazar şäher komitetiniň başlygy.