ŞHG bilen gatnaşyklar Bitarap Türkmenistanyň «Açyk gapylar» syýasatynyň beýanydyr

26 Noýabr 2021
1154

25.11.2021. Şu gün Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň hökümet Baştutanlarynyň ХХ ýubileý mejlisine gatnaşdy. Onuň barşynda ŞHG-niň çäklerinde özara gatnaşyklary ösdürmek meseleleriniň birnäçesi ara alnyp maslahatlaşyldy. Söwda-ykdysady, maýa goýum we ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek, şol sanda koronawirus pandemiýasynyň täsirini aradan aýyrmak bilen baglylykda, gatnaşyklary pugtalandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Wise-premýer wekiliýetleriň Baştutanlaryna ýüzlenip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň mähirli salamyny we mejlise gatnaşyjylaryň ählisine üstünlikli işlemek baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar