Türkmenistan möhüm syýasy wakanyň öňüsyrasynda

1 gün öň
50

28-nji noýabrda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň paýtagty ak şäherimiz Aşgabatda hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň XV sammiti geçirilýär.  Onda bu abraýly halkara guramanyň çäklerinde gatnaşyklary  has-da ösdürmegiň möhüm meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar, degişli ylalaşyklar gazanylar. Netijede bolsa, oňa agza ýurtlaryň ýerleşýän sebitlerinde parahatçylygyň, ählumumy howpsuzlygyň hem-de durnukly ösüşiň rowaçlanmagyna uly itergi berler.

Bilşimiz ýaly, abraýly halkara we sebit guramalary bilen köpugurly gatnaşyklar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilik, oňyn bitaraplyk we gyzyklanma bildirilýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň sazlaşykly çözgütlerini işläp taýýarlamakda işjeň orny eýeläp, parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, ykdysady hem-de ynsanperwer gatnaşyklary ösdürmek işinde bu düzümleriň kuwwatyndan netijeli peýdalanmak boýunça yzygiderli başlangyçlary öňe sürýär. Munuň özi bolsa umumy abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýär.

«Adalat».