Ýazyjynyň şahsy arhiwinden

1 gün öň
82

Ömrüniň soňraky ýyllarynda elinden galamyny düşürmedik ussat ýazyjymyz Osman Ödäýewe kämahal dynç almagy teklip edenimde: «Men iň gowy dynjy ýazan mahalym alýaryn. Ýazmagyň başga hiç bir zat bilen deňeşdirip bolmajak lezzeti ýadawlyk diýen närsäni garagörnüm golaýyňa getirenok» diýerdi. Soňam, özi duýmazdan, ýap-ýaňyja öňündäki kagyzyň üstünde goýan ruçkasyna elini ýetirerdi. Şeýle pursatlarda onuň: «Otursana biraz» diýen sypaýyçylykly mürähedine: «Sag boluň, zerur barmaly ýerim bar» diýerdim-de, turmak bilen bolardym. Şeýdip, wagtyň her pursadyny bagt saýyp, şol bagty okyjylara ýetirmäge howlugýan ýazyjynyň wagtyny — bagtyny «ogurlamajak» bolardym.

Köpler meni halypa ýazyjynyň özüne-de, döredijiligine-de örän belet adam hökmünde tanaýarlar. Osman aga degişli bir zat gerek bolsa, köplenç, meni tapýarlar. Dogrusy, ozallar meniň özümem Osman aganyň döredijiligine ýeterlik beletdirin öýderdim. Emma ýazyjynyň mirasyny toplap ugramsoň, bu pikirimiň juda bir dogry däl ekendigine göz ýetirdim. Ýazyjynyň miras gory pikir edişimden juda kän eken. Ony ýazyjynyň heniz aramyzda bar mahaly 23 jiltlik eserlerini jemläp, golýazma kitap görnüşinde toplan mahalym magat duýdum. Çünki onuň bilen iş gutarmady, gujak-gujak daňylan kagyzlary dördügimçe öň görmedik täze-täze golýazmalarymyň üstünden bardym. Olaryň arasynda ozal gazet-žurnallarda çap edilenleri-de bardy, edilmedikleri-de. Şeýdip, ýazyjy dünýesini täzeländen soň, ýene-de 8 jiltlik golýazma kitaby döredi. Birbada öz ýanymdan ýazyjynyň ähli ýazgylaryny jemländirin öýtdüm. Ýalňyşan ekenim, bir gün Türkmenistanyň halk ýazyjysy Nobatguly Rejebow jaň edip, özüniň şahsy arhiwinden O. Ödäýew bilen eden bir söhbetdeşligini tapandygyny habar berdi. Derrew halypanyň öýüne eňdim. Görsem kiçi-girim däl, kompýuter ýazgyda 100 sahypadan gowrak.

Döwrangeldi AGALYÝEW,
ýazyjynyň mirasyny toplaýjy.