Asyl­ly­lyk — pa­ra­hat­lyk­dyr («Ga­raş­syz­ly­gyň mi­we­le­ri» at­ly ma­ka­la­lar top­lu­myn­dan)

1 gün öň
81

Asly halal türkmen halky atababa däpdessurlaryny dowam etdirmegi, olary nesillere geçirmegi aslyňa dolanmagy asylly ýörelgeleriň hatarynda görýär. Halk arasynda gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän däpdessurlar, adatlar, ýörelgeler, şeýle hem, ynançlarda ýaşaýan mukaddeslikler diňe bir asyrlaryň däl, eýsem her bir nesliň hem synagyndan geçegeçe gelýändir. Şonuň üçin olar halkyň ýaşaýyş durmuşyndan syzylyp, mentalitetimizi emele getirmäge gatnaşýarlar. Onda bolsa asyllylyk esasy orunda durýar.

Asyllylyk asly halallyk diýmekdir. Türkmen mydama halallyga uýan hemde ony ýaýan halkdyr. Ol: «Aslyny unudan atasyny unudar», «Asyl asla gider», «Asyl görseň, aslyn sorama» diýip ündäpdir, nesliniň gulagyna guýupdyr. Asylzadalar hakynda ertekiler, dessanlar döredipdir. Halkyň içinden çykan akyldar şahyrlar asyllylygy wagyz edipdirler. Magtymgulyda «Asylzada görsem, köňlüm eglener» diýen ýaly asyllylykdan söhbet açýan setirler juda köpdür. Asyllylyk adamkärçilikli bolmakdyr. Adamkärçiligi bolan adam ynsaply, ynsanperwer, arassa ýürekli, dogruçyl, dözümsiz... ruhy dünýäsi, köňli arassa, sadadan ahlakly, bir sözli, salykatly, parahat bolýar. Türkmen diliniň söz gorunda bar bolan hoşamaý, sylaşykly, duýgudaş ýaly adamyň ýagşy gylykhäsiýetlerini aňladýan ýüzlerçe manydaş sözler adamkärçiligiň aňladylmasydyr. Magtymguly: «Adamzatdan çykar adamlyk ysy» diýýär.

Akmuhammet HEMIDOW.