Meýilleşdirilen işleriň alnyp barlyşy

2 gün öň
88

22-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlarynyň, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly nobatdaky iş maslahatyny geçirdi.

Iş maslahatynyň gün tertibine paýtagtymyzy mundan beýläk-de abadanlaşdyrmak, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilişi, welaýatlaryň durmuş-ykdysady taýdan ösdürilişi, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýerine ýetirilişiniň barşy, şeýle hem milli senenamamyzyň şanly senelerini mynasyp garşylamaga taýýarlyk görlüşi bilen baglanyşykly meseleler girizildi.