Beýik döwrüň döwrebap binalary

23 Noýabr 2021
83

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň bimöçber tagallalary netijesinde biziň eziz ata Watanymyz — Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanymyz beýik ösüşlere tarap okgunly barýan ýurda öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ady bilen üstünlikli geçýän, şeýle hem mukaddes Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda ýurdumyzda köpsanly täze binalar açylyp, ulanylmaga berilýär. Bu biziň buýsanjymyza buýsanç goşýar. Şonuň üçin, eziz Diýarymyz, bagtyýar halkymyz, sahawatly Prezidentimiz barada joşup duran ýüregiňden çykýan sözleri aýtdygyňça aýdasyň gelýär. Sebäbi mukaddes Watanymyzyň haýsy künjegi barada gürrüň edeniňde, şäherdir obalary barada söhbet açanyňda ýa-da gujur-gaýraty bilen yhlasly hem halal zähmet çekip ýören ildeşlerimiz barada pikir alşanyňda, şu ajaýyp ýurtda ýaşaýandygyňa tüýs ýüregiňden buýsanýarsyň!

Batyr MYRADOW,
«Türkmen dünýäsi».