Türkmenistanyň Prezidenti Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

19 Noýabr 2021
832

18.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Çingiz ogly Jabbarowy kabul etdi.

Myhman döwlet Baştutanymyza wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, Prezident Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we tutuş doganlyk türkmen halkyna rowaçlyk hem-de umumy bähbitlere laýyk gelýän ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagy baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Nygtalyşy ýaly, biziň ýurtlarymyzy gadymdan bäri dostlukly, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary birleşdirýär. Munuň özi iki halkyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen taryhy-medeni we ruhy umumylygy bilen şertlendirilendir. Häzirki döwürde türkmen-azerbaýjan gatnaşyklary hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar