Sagdyn durmuş ýörelgesi – kämil durmuş göreldesi

18 Noýabr 2021
158

Hormatly Prezidentimiz egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda birnäçe bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi, kiçi futbol görnüşi boýunça bäsleşik gurady. Ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilen toplum tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir.

Mähriban halkymyzyň saglygyny berkarar döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy hökmünde yglan eden Arkadag Prezidentimiz sagdyn durmuş ýörelgelerine ygrarly bolmak bilen, watandaşlarymyza, aýratyn-da, ýaşlara ajaýyp görelde bolýar. Bedenterbiýe we sport döredijilik başlangyçlaryny, bu babatda maksadaokgunlylygy höweslendirýän sagdynlygyň hem-de güýjüň esasy çeşmesidir. Hut şu nukdaýnazardan, halkymyzyň saglygy hakyndaky alada, adamlaryň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmegi milli Liderimiziň başlangyjy boýunça amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalaryň hem-de ägirt uly taslamalaryň ählisiniň özenini düzýär, döwletimiziň we jemgyýetimiziň baş baýlygy bolan adam hakyndaky alada bu syýasatyň ileri tutulýan ugry bolup durýar.