Milli Liderimiz nobatdaky iri dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy

18 Noýabr 2021
566

17.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabynyň çäginde gurlan täze dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy.

Mälim bolşy ýaly, Babadaýhan etrabyndaky täze dokma toplumynyň gurluşygyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2018-nji ýylyň maýynda gol çeken Kararyna laýyklykda başlanyldy we «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2018 — 2024-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň» çäklerinde guruldy. Babadaýhan dokma toplumynyň düýbüni tutmak dabarasyna wise-premýer Serdar Berdimuhamedow gatnaşyp, gatnaşyjylary täze kärhananyň gurluşygyna başlanylmagy bilen gutlady we bu toplumyň sebitiň ykdysadyýetini döwrebap derejede ösdürmäge, halkyň durmuş taýdan üpjünçiligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen iri taslamadygyny aýtdy.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar