Türkmenistanyň Prezidenti iş maslahatyny geçirdi

16 Noýabr 2021
396

15.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, birnäçe ministrlikleriň we pudaklaýyn düzümleriň ýolbaşçylarynyň, Aşgabat şäheriniň häkiminiň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe möhüm meselelere garaldy.

Döwlet Baştutanymyz maslahatyň gün tertibini yglan edip, “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary bilen geçýän ýubileý ýylynyň jemlenmegine az wagtyň galandygyny, şu döwürde birnäçe wajyp çäreleriň, şol sanda halkara forumlaryň meýilleşdirilendigini belledi hem-de olaryň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigine ünsi çekdi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar