Döwlet Baştutanymyz täze desganyň gurluşygy bilen tanyşdy we iş maslahatyny geçirdi

15 Noýabr 2021
835

13.11.2021Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenbaşy şäherinde bolmagynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Toýlyýewiň hem-de saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesowyň haýyşy boýunça 400 orunlyk köpugurly hassahananyň tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan gurluşygy bilen tanyşdy we bu ýerde iş maslahatyny geçirdi.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, günbatar sebitde hem uly özgertmeler durmuşa geçirilýär. Bu ýerde alnyp barylýan giň möçberli gurluşyk işleriniň depgini ýokarlanýar. Saglygy goraýyş ulgamynyň bina edilýän desgalary durmuş maksatly gurluşyklaryň möhüm ugrudyr. Şonuň netijesinde halkymyz ýokary halkara ölçeglere kybap gelýän lukmançylyk hyzmatlarynyň giň toplumyndan peýdalanyp bilýärler.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar