Ýurdumyzyň oba hojalygynyň öňdebaryjy işgärlerine döwlet sylaglary gowşuryldy

15 Noýabr 2021
751

13.11.2021. Şu gün paýtagtymyzyň «Mekan» köşgünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegine mynasyp goşant goşýan kärendeçileri, pagtaçylary, gallaçylary, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we beýleki hünärmenleri sylaglamak dabarasy boldy. Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlaryna laýyklykda, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan zähmetkeşleriň hormatlanylmagy ýurdumyzda tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana hyzmat etmäge bagyşlan öz işiniň ussatlaryna goýulýan belent sarpanyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow şu ýylyň 11-nji noýabrynda Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň hem-de jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly geçiren maslahatynda zähmetde tapawutlanan we uly üstünlikleri gazanan oba hojalyk işgärlerini döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekdi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar