Sagdyn durmuş ýörelgeleriniň pugtalandyrylmagy milli Liderimiziň syýasatynyň ileri tutulýan ugrudyr

15 Noýabr 2021
552

13.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow düýn Türkiýe Respublikasyna iş sapary tamamlanandan soň, Türkmenbaşy şäherine geldi. Milli Liderimiz bu ýerde egindeşleri bilen Hazaryň kenarynda gurlan köpugurly sport toplumynda bedenterbiýe maşklaryny ýerine ýetirdi.

Bu ýerde sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanmaga giň mümkinçilikler bar. Ol ýöriteleşdirilen döwrebap enjamlar we sport gurallary bilen üpjün edilendir. Köpugurly türgenleşik enjamlary tejribeli hem-de höwesjeň türgenleriň, dürli ýaşly adamlaryň netijeli türgenleşmegine niýetlenendir.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar