Türkmenistanyň Prezidenti sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi

12 Noýabr 2021
748

11.11.2021. Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Geňeşiň agzalarynyň, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasarynyň we ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly maslahat geçirdi. Onuň gün tertibine döwlet durmuşyna degişli möhüm meseleler girizildi hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Ilki bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary E.Orazgeldiýew ýurdumyzyň pagtaçylarynyň “ak altyn” tabşyrmak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny ýerine ýetirendikleri barada hasabat berip, döwlet Baştutanymyzy gazanylan üstünlik bilen gutlady. Şeýle hem wise-premýer Hasyl toýy mynasybetli geçiriljek dabaralara görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi. Meýilleşdirilen çäreleriň dowamynda has tapawutlanan kärendeçilere döwlet sylaglary, obasenagat toplumynyň işgärlerine, bugdaýdan, pagtadan we beýleki ekinlerden bol hasyl ösdürip ýetişdirýän kärendeçilere, mehanizatorlara, pudagyň tejribeli daýhanlaryna döwlet Baştutanymyzyň adyndan gymmatbahaly sowgatlar gowşurylar we baýramçylyk konserti bolar. 14-nji noýabrda Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynyň ýeten derejesine bagyşlanan sergini we ylmy-amaly maslahaty geçirmäge görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berildi.

www.tdh.gov.tm
Beýleki habarlar