Kalplara nur paýlan eser

29 Oktýabr 2021
488

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň öň ýanynda buýsanjymyzy artdyryp, köňüllerimize mähir paýlan şatlykly wakalaryň ýene-de biri Gahryman
Arkadagymyzyň şanly toýa bagyşlap döreden «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynyň ellerimize gowuşmagydyr. Bütin durky bilen Watan waspyna eýlenen, Garaşsyzlygyň beýik gudratyny açyp görkezýän bu kitaby okanyňda kalbyň heýjana gelýär. Sebäbi halkymyzyň iň bagtyýar, iň eşretli günleri öz gözbaşyny şu mukaddes güýz gününden alyp gaýdýar. Watan gymmatlyklary, onuň dagdyr derýalarynyň, deňizdir sähralarynyň gözellikleri, üsti hem asty tebigatyň bize eçilen baýlyklaryndan doly bereketli türkmen topragy bagtyýar günlerimiziň kepilidir. Şu zatlary halkyň bähbidine ulanmak, diňe ýurt Garaşsyz bolanda mümkin bolýar.

Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly: «Garaşsyzlyk diýmek müňlerçe ýyllyk taryhda ata-babalarymyzyň ýurt tutan, döwlet guran, bize halal miras edip goýan topragyna mynasyp derejede eýe çykmagymyzdyr». Hawa, Garaşsyzlyk durşy bilen baýlyga beslenen topragyň üstünde abadan, parahat zähmet çekip, ata Watanymyzyň gülläp ösüşlerine goşant goşmagymyzdadyr. Garaşsyzlygyň gudraty bilen Türkmenistan Watanymyzyň ösüş ýollary barada kitabyň on üç bölüminde giňişleýin gürrüň berilýär.

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».