Türk­me­nis­tan-Ga­za­gys­tan: dost-do­gan­ly­gyň mi­ze­mez bin­ýa­dy go­ýul­ýar

28 Oktýabr 2021
63

Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­mi­ziň baş­tu­tan­ly­gyn­da ýur­du­my­zyň alyp bar­ýan pa­ra­hat­çy­lyk sö­ýü­ji­lik da­şa­ry sy­ýa­sa­ty­nyň ne­ti­je­sin­de goň­şy döw­let­ler bi­len öza­ra bäh­bit­li­lik hem-de deň­hu­kuk­ly­lyk esas­la­ry­na da­ýan­ýan gat­na­şyk­la­ry ös­dür­mek da­şa­ry sy­ýa­sat ug­ru­nyň esa­sy­ny düz­ýär. Bu ba­bat­da ýur­du­myz­da goň­şy döw­let­ler we has ýa­kyn se­bit­dä­ki ýurt­lar bi­len iň­ňän go­wy gat­na­şyk­lar al­nyp ba­ryl­ýar.

Mu­ňa şu ýy­lyň iýun aýyn­da Gyr­gyz Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň res­mi sa­pa­ry, aw­gust aýyn­da Tä­ji­gis­tan Res­pub­li­ka­sy­nyň Pre­zi­den­ti­niň döw­let sa­pa­ry aý­dyň my­sal bo­lup dur­ýar. Şeý­le hem şu ýy­lyň 6-njy aw­gus­tyn­da mil­li Li­de­ri­mi­ziň baş­lan­gy­jy bi­len «Awa­za» mil­li sy­ýa­hat­çy­lyk zo­la­gyn­da Mer­ke­zi Azi­ýa­nyň döw­let Baş­tu­tan­la­ry­nyň üçün­ji kon­sul­ta­tiw du­şu­şy­gy­nyň ge­çi­ril­me­gi bu aý­dy­lan­la­ra aý­dyň şa­ýat­lyk ed­ýär.