Güýz­lük bug­daý eki­şi ta­mam­lan­dy

28 Oktýabr 2021
30

Le­bap we­la­ýa­ty­nyň zäh­met­sö­ýer eke­ran­çy­la­ry ýur­du­myz­da il­kin­ji bo­lup güýz­lük bug­daý eki­şi­niň üs­tün­lik­li ta­mam­la­nan­dy­gy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Şu ýyl we­la­ýat­da 130 müň gek­tar meý­da­na bug­daý ekil­di.

Ýur­du­myz­da dä­ne­li ekin­le­riň ekiş möw­sü­mi­niň baş­lan­ýan döw­ri to­mus pas­ly­nyň ahyr­ky gün­le­ri­ne ga­bat gel­ýän hem bol­sa, oba ho­ja­lyk­çy alym­la­ryň aýt­mak­la­ry­na gö­rä, türk­men güý­zi güýz­lük bug­da­ýy ek­mek üçin iň bir amat­ly wagt bo­lup dur­ýar. Hut şu dö­wür­de bug­daý dä­ne­si en­di­gan gö­ge­riş al­ýar.