Türkmen ruhuna heýkel

28 Oktýabr 2021
121

Gahryman Arkadagymyz «Garaşsyzlyk — bagtymyz» atly kitabynda: «Ata-babalarymyzyň asyrlarboýy arzuw edip gelen döwletini, beýik Magtymgulynyň: «Berkarar döwlet istärin» diýip şygra salan we: «Gurdugym, aslynda, bilgil, bu zeminiň myhydyr, Erer ol erkin mydam, budur türkmen binasy» diýip, ruhy taýdan esaslandyran döwletini gurduk» diýip belleýär.

Mälim bolşy ýaly, öňňin hormatly Prezidentimiz paýtagtymyzyň günorta künjeginde bolup, Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Bu toplum 13,5 gektar ýeri eýeleýär. Akyldar şahyryň Köpetdagyň belent gerişleriniň etegindäki baýyrlykda bina edilýän ajaýyp ýadygärliginiň ýanyndan ak mermerli paýtagtymyz bütin ajaýyplygy bilen görünýär. Nesip bolsa, bu toplum Aşgabadyň deňsiz-taýsyz gözelligine ýene bir gaýtalanmajak gözellik bolup dolar.

Akmyrat HOJANYÝAZ.
“Türkmenistan”.