Akyldar şahyra belent sarpa

28 Oktýabr 2021
94

Düýn ýurdumyzyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirilen maslahat «Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumy — Arkadag Prezidentimiziň beýik işleriniň beýany» diýlip atlandyryldy.

Hemmämiziň bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligine belent sarpa goýýar. Munuň şeýledigini milli Liderimiziň «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy», «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserleriniň üsti bilen hem aýdyň görmek bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dabaraly belläp geçmek hakdaky Karary halkymyz tarapyndan uly ruhubelentlik bilen garşylandy. Golaýda bolsa döwlet Baştutanymyz paýtagtymyz boýunça amala aşyran iş saparynyň çäklerinde şahyryň Köpetdagyň eteginde gurulýan medeni-seýilgäh toplumynyň töwereginde tamamlaýjy tapgyrda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Hormatly Prezidentimiziň bu seýilgäh toplumyny 2022-nji ýylda geçiriljek Medeniýet hepdeligine gabatlap açmak hem-de 2024-nji ýyly «Magtymguly Pyragynyň ýyly» diýip yglan etmek hakda aýdanlary akyldar şahyra belent sarpanyň nobatdaky beýany boldy. Milli Liderimiziň aýdyşy ýaly, güýzki bag ekmek möwsüminiň şu ýerde geçirilmegi bilen, seýilgäh toplumy gülzarlyga beslener.

Täzegül ORAZOWA,
Ylym we bilim işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň esasy hünärmeni.