Ketenisi gül keşbine ýaraşyk

28 Oktýabr 2021
157

Türkmen halkynyň milli sungaty öz gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýar. Merdana pederlerimiz, ene-mamalarymyz gaýtalanmajak gymmatlyklary döredipdirler. Milli hünärmentçilikde ýüň, ýüpek we nah matalary dokamak uly ähmiýete eýe bolupdyr. Düýe ýüňünden çäkmenlik matalar, nahdan biz, setin, çit matalar, ýüpekden bolsa keteni, sowsany, çepbetow, gyrmyzy donluk, garma donluk, daraýy, serindi ýaly milli geýimler üçin niýetlenen matalar dokalypdyr.

Türkmen gelin-gyzlarynyň yhlasyndan, zehininden dörän, zenan maşgalalaryň kaddy-kamatyna ýaraşyk berýän milli lybaslar bu gün sungat derejesine ýetdi, kämilleşip, täzeçe röwüş aldy. Gözüň ýagyny iýip barýan, arassa ýüpekden dokalan türkmen ketenisi dokma önümleriniň iň naýbaşysydyr, geçmişden şu günlere ýetirilen gymmatlykdyr. Zeminiň haýsy künjeginde bolanyňda-da, keteniden tikilen milli egin-eşiklerimiz: «Şu türkmeniňki bolmaly» diýdirýär. Keteniniň özboluşly ýakymlylygy, owadanlygy barada näçe aýtsaň, aýdybermeli. Onuň adam bedeniniň belli bir ýylylykda saklanmagyny sazlamakda, ýiti Gün şöhlesinden goramakda hem ähmiýeti bar.

Ogulbolsun ARATJANOWA,
Görogly etrabyndaky 41-nji orta mekdebiň mugallymy.