Ýurdumyzyň sebitlerinde

28 Oktýabr 2021
102

Göreldeli zähmet

Balkan welaýatynyň edara-kärhanalaryny, ýaşaýyş jaýlaryny elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmekde Balkanabat döwlet elektrik stansiýasynyň hünärmenleri göreldeli işleri alyp barýarlar. Kompýuter ulgamy arkaly gije-gündiziň dowamynda ygtybarly dolandyrylýan kärhanada üstümizdäki önümçilik ýylynyň geçen dokuz aýynda 1,4 milliard kilowat-sagada golaý elektrik energiýasy öndürilip, bellenilen meýilnama 102 göterim ýerine ýetirildi.