Arassaçylyk — saglygyň girewi

28 Oktýabr 2021
107

Şahsy arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý etmek — kesellerden goranmagyň iň ygtybarly şerti. Elleri ýygy-ýygydan ýuwmak peýdaly endik bolup, birnäçe ýokanç keselleriň öňüni almaga ýardam berýär. Sebäbi dürli kesel dörediji wiruslardyr bakteriýalar ellerde toplanýar we ellän zatlarymyz arkaly bedene düşýär. Hut şonuň üçin hem elleri gowy edip, sabyn bilen ýuwmaly. Adam bedeniniň immuniteti kesel döredijiler bilen göreşýär. Ýöne beden gowşan ýagdaýynda, «hapa elleriň keselleri» diýlip atlandyrylýan ýokanç keselleriň birtoparynyň döremegi ähtimal. Şolaryň hatarynda ýiti içgeçme ýa-da ýiti gastroenterokolit bolup, ol çagalaryň arasynda giňden ýaýran keseldir. Kesel ýiti başlap, onuň gizlin döwri birnäçe sagatdan birnäçe güne çenli bolup bilýär. Çagada ýiti gastroenterokolit keseli başlanda, onuň biynjalyk bolmagy, köp aglamagy, iýmitden ýüz öwürmegi, gusmak, garnynda agyry döremegi, içgeçme, bedeniň gyzgynynyň ýokarlanmagy ýaly alamatlar ýüze çykýar. Bu keseliň ilkinji alamatlary ýüze çykanda, maşgala lukmanyna ýüz tutmalydyr. Keseliň öňüni almak üçin şu maslahatlary berjaý etmeli:

— kiçi ýaşly çagalary ene süýdi bilen iýmitlendirmeli;