Ýüzugra edilen bellikler (Pikir ýöretme)

27 Oktýabr 2021
153

ÝAMA DÜŞEN ÝÜREK

Mundan 10 — 12 ýyl ozal bir toýda — kiçeňräk üýşmeleňde ýaşy segsenden öten Derýa aganyň gürrüňine gulak asyp oturmak miýesser edipdi. Gözümiň alnynda geçmişden gürrüň berip oturan ol goja häzir hyýalymda tutuş bir heňňamyň keşbinde janlanýar. Şunça wagtdan soň ol pursady hakydamda ör-boýuna galdyran zat bolsa başga bir şahyryň söhbedi boldy. Ol sözüniň arasynda käte göwne-de ýama düşüp biljekdigi barada bir pikir aýtdy. Onuň söhbedindäki şol pikirden öňki sözlerem, soňky aýdanlaram «bu gulagymdan girip, o gulagymdan çykdy» diýip bilerin. Sebäbi şondan soň ähli ünsüm-üntüşigim içip oturan çaýymyň buguna garylyp, göterildi-de, göz öňümde şol toýda söhbet edip oturan Derýa aganyň keşbine öwrüldi...

Orazmyrat MYRADOW,
«Nesil».