Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň işine ýokary baha berildi

28 Sentýabr 2021
438

Aşgabat 28-njy sentýabr(TDH).

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllygynyň hormatyna guralýan dabaralaryň çäklerinde, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň agzalaryna döwlet sylaglaryny, nobatdaky harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek dabarasyna gatnaşdy. Dabaranyň dowamynda hormatly Prezidentimize “Türkmen edermen” medaly hem-de “Garaşsyz Türkmenistanyň Watan goragçysy” atly ýubileý medaly gowşuryldy.

Beýleki habarlar