Balkan welaýaty: ösüşiň ýoly bilen üstünliklere tarap

21 Sentýabr 2021
102

Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda, syýasatda, medeni-durmuş ulgamlarynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Bu şanly senäni ähli babatda mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak hyjuwy il-ulsumyzy, edara-kärhanalaryň zähmet toparlaryny, ähli türkmenistanlylary has belent sepgitlere ruhlandyrýar. Kalplarymyza buýsanç paýlaýan bu asylly maksat, ýurdumyzyň beýleki sebitlerinde bolşy ýaly, Balkan welaýatynda hem günsaýyn wysal tapýar. Şöhratly ata-babalarymyzyň mesgen tutan, dünýä taryhynda mynasyp yz galdyran bu mukaddes topragy geçen otuz ýylyň dowamynda ähli babatda yzygiderli ösüşlere beslenýän künjekleriň biri boldy. Welaýatda amala aşyrylýan giň möçberli özgertmeleriň ýylsaýyn däl, eýsem, günsaýyn rowaçlanmagy hormatly Prezidentimiziň kabul edýän taryhy Kararlarydyr çözgütleriniň, hususan-da, Balkan welaýatynyň senagat pudagyny ösdürmegiň esasy ugurlaryna laýyklykda, kabul edýän resminamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Bazar ykdysadyýetine tapgyrlaýyn geçmek boýunça döwlet syýasaty günbatar sebitde hem oňyn netijelerini berýär, ýaşaýjylaryň maddy hal-ýagdaýy yzygiderli ýokarlanýar, durmuş taýdan goraglylygy güýçlenýär.

Hojaberdi BAÝRAMOW.
«Türkmenistan». Surata düşüren Andreý PAKULOW.