Röwşen geljegiň eýeleri

21 Sentýabr 2021
182

Adam özüniň bagtyýar ýaşaýşyny diňe zähmetiň üsti bilen gazanyp bilýär. Könekilerimiz: «Bagt zähmetdedir» diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar. Beýik-beýik jaýlar, şaglap duran şaýollar, döwrebap desgalar, ak bazarlaryň bolçulygy, gülüp duran ýüzler, belentden-belent ýaňlanýan aýdym-sazlar we ýene-de kän-kän gowy zatlar — biziň bagtyýarlyk döwrümiziň keşbi. Biz bu döwre hormatly Prezidentimiziň saýasynda azat, erkin zähmetimiz bilen ýetdik. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna barýan şu günlerimizde bular hakda oýlanmagyň aýratyn ýakymy bar.

Ýurt Garaşsyzlygy halkymyza erkana zähmet çekmek bagtyny berdi. Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyz beýik sepgitlere eýe boldy, uly işleri amal etdi. Häzirki wagtda türkmen ýaşlary daşary ýurtlarda okaýarlar. Ýurdumyzyň orta we ýörite orta hünär hem-de ýokary okuw mekdepleri döwrebap bilim merkezleridir. Olaryň okuw maksatnamalary döwrüň ösen talaplaryny ödeýän hünärmenleri taýýarlamak bilen birlikde, bilimde daşary ýurtlaryň hem iň gowy gazananlaryny özüne birleşdirýär. Munuň şeýledigini S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň mysalynda-da aýdyp bileris. Biziň talyplarymyz ABŞ-nyň we beýleki ýurtlaryň döwrebap tehnikalaryny ürç edip öwrenýärler. Mugallymlar bilen birlikde, ol tehnikalaryň toprak-howa şertlerimize laýyk gelýändigini dürli şertlerde synap görýärler.

Hojadurdy HOJADURDYÝEW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň kafedra müdiri.