Garaşsyzlyk we kämil bilim: durnukly ösüşiň gözbaşy

20 Sentýabr 2021
108

Bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda, bilim ulgamy hem üstünlikli ösdürilýär. Türkmen ýaşlarynyň dünýä ülňülerine kybap gelýän ýokary hilli bilim almaklary üçin ýurdumyzda ähli mümkinçilikler döredilýär. Muňa garaşsyzlyk ýyllarynda bilim ulgamynda amala aşyrylan giň möçberli özgertmeler aýdyň şaýatlyk edýär.

Atalarymyz «Bilim bilen hikmet — altyndan gymmat» diýipdirler. Taryhy döwürde hem bilime uly sarpa goýan pederlerimiziň bu garaýşy türkmeniň iň täze taryhy bolan garaşsyzlyk ýyllarynda täzeçe many-mazmuna eýe boldy. 30 ýylyň içinde bilim ulgamyny ösdürmek, döwrebaplaşdyrmak, onuň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadyny düýpli berkitmek babatda ägirt uly işler durmuşa ornaşdyryldy. Munuň özi bilim, ylym eýýamy bolan XXI asyrda ata Watanymyz Türkmenistanyň bilimler ýurduna öwrülmegine mümkinçilik berdi.

Ogulkeýik NURBERDIÝEWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Türkmen dili kafedrasynyň uly mugallymy.