Meniň dünýämde sen bar

20 Sentýabr 2021
162

Hemişe säher bilen turup kitapdyr gazet-žurnal okamak endigim bar. Žurnallaryň birinde çap edilen şeýle rowaýat meni özüne çekdi:

«Gadym döwürlerde bir patyşa öz ýurdunyň zenanlaryny ýygnap, bäsleşik yglan edipdir. Bäsleşigiň şertine görä, her bir zenan özüniň gymmatbaha zadyny getirip, taryplamaly bolupdyr. Zenanlaryň köpüsi gymmatbaha daşlaryny, şaý-seplerini taryplap, çykyş edipdir. Bir zenanyň bolsa ogul perzendinden başga hiç kimi bolmandyr. Ol kiçijek ogluny bagryna basyp, şeýle bir şirin hüwdini ýerine ýetiripdir welin, ähli adamlar haýran galmakdan ýaňa aňk bolupdyr. Netijede bolsa, şol zenan bäsleşigiň ýeňijisi bolupdyr...».

Aýparça AKYMOWA,
«Maru-şahu jahan» gazetiniň uly habarçysy.