Hyzmatdaşlyk täze derejä göterilýär

20 Sentýabr 2021
129

17-nji sentýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow hormatly myhman hökmünde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň sammitine gatnaşmak üçin Täjigistan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady.

Hormatly Prezidentimiziň uçary Täjigistan Respublikasynyň paýtagtynyň Halkara howa menziline gelip gonýar. Bu ýerde baýdak sütünlerinde ŞHG-niň sammitine gatnaşýan ýurtlaryň Döwlet baýdaklary galdyryldy. Howa menzilinde döwlet Baştutanymyzy resmi adamlar garşyladylar.