Bagtyýarlygyň belent ruhy

15 Sentýabr 2021
49

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň üçünji çärýegi tamamlanyp barýar. Şundan ugur alnyp, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň 14-nji sentýabrda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Berdimuhamedowyň hem-de maliýe we ykdysadyýet ministri M.Serdarowyň gatnaşmagynda geçiren iş maslahatynda geljek ýyl üçin Türkmenistanyň Döwlet býujetiniň taslamasyny işläp taýýarlamak boýunça işleriň barşy barada ykdysadyýet we maliýe ulgamynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlary diňlenildi.

Milli Liderimiz mejlisiň barşynda häzir dünýäde bolup geçýän wakalar bilen baglylykda, 2022-nji ýylyň baş maliýe meýilnamasynyň taslamasyny işläp taýýarlamaga aýratyn üns berilmelidigini belledi.

«Watan».