Garaşsyzlyk getiren güýzüň gutly gadamlary

9 Sentýabr 2021
77

Güýz. Baharda ekilen ekinleriň miwesiniň bolluk bilen eçilýän döwri. Halkymyz üçin bolsa güýz pasly pederlerimiziň asyrlarboýy köňüllerinde eken arzuwlarynyň miwesini kemala getirýän döwri. Güýz pasly ýurdumyzyň garaşsyzlyk baradaky arzuwlarynyň wysal tapan paslydyr.

«Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylynyň tylla güýzi hem topragymyza, hem kalbymyza bereket eçilýän wakalar bilen başlandy. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyza Garaşsyzlyk getiren tylla güýz günleriniň gapysyny paýtagtymyzyň Maslahat köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de täze okuw ýylynyň başlanmagy mynasybetli umumy okuw sapagyny geçmek bilen açdy.

«Adalat».