Arkadagymyzyň saýasynda Garaşsyzlygymyzyň miweleri

2 Sentýabr 2021
91

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe kemala gelen dokma pudagy ileri tutulýan milli bähbitleri hem-de dünýä ykdysady giňişligindäki umumy integrirlenmek meýillerini göz öňünde tutmak bilen, milli ykdysadyýetimiziň depginli ösüşiniň aýdyň mysalydyr. Diňe soňky birnäçe ýylda pudagyň düzümine dünýä bazarlarynda bu pudakdaky önümçiligiň öňdebaryjylarynyň hataryna çykmak bilen, tebigy çig maldan bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän täze kärhanalaryň onlarçasy goşuldy. Mundan başga-da, ýüpegi gaýtadan işleýän hem-de aýakgap fabrikleri, gön işläp bejerýän kärhanalar bar. Bu pudagyň kuwwatly gaýtadan işleýän binýadynyň döredilmegi netijesinde, Türkmenistan dünýäniň dokma önümlerini öndürýän döwletleriniň arasynda mynasyp orny eýeledi. Öndürilýän önümleriň ýokary hilli bolmagy bolsa, Diýarymyzyň şöhratyny we abraýyny artdyrdy.

Mähriban Arkadagymyz Ahal welaýatynyň Kaka dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiz ýygnananlara ýüzlenip, şu gün biz ykdysadyýetimiziň möhüm pudaklarynyň biri bolan dokma senagaty pudagynda ýene-de bir täze desganyň – Kaka etrabynda ýyllyk önümçilik kuwwaty 5 000 tonna inçe süýümli pagtany gaýtadan işleýän dokma toplumynyň açylyş dabarasyna gatnaşmak üçin bu ýere ýygnandyk diýdi. Bu gün täze işe girizilýän Kaka dokma toplumy hem iri önümçilik kärhanasy bolup, onuň umumy bahasy 147 850 000 amerikan dollaryna barabardyr. Bu toplumyň önümçilik kuwwaty ýylda 3 650 tonna ýokary hilli ýüplükleri, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge ukyplydyr. Bu iri toplumyň işe girizilmegi bilen, onda 1 300 adam zähmet çeker. Toplumyň tutýan meýdany 18 gektardan ybarat bolup, onda önümçilik binalaryndan başga-da 2 gatly edara binasy, önümçilik ammarlary, transformator bekedi, ussahana we ýangyn howpsuzlyk binalary, awtoulag duralgalary bar. Şeýle hem, bu ýerde işgärlere amatly şertleri döretmek üçin 450 orunlyk naharhana, sport meýdançasy, 2 sany 16 orunlyk myhmanhana ýerleşýär. Dokma toplumy dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň enjamlary bilen enjamlaşdyryldy – Şweýsariýanyň we Ýaponiýanyň ýüplük egriji enjamlary, Belgiýanyň mata dokaýan, Italiýanyň we Germaniýanyň boýag enjamlary hem-de Ýaponiýanyň tikinçilik enjamlary ornaşdyryldy.