Habarlar

29 Awgust 2021
106

1-nji iýul. Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar-iýun aýlarynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu edaralaryň ýakyn geljek üçin esasy wezipeleri bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, olaryň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, döwlet emlägine, şol sanda maddy serişdelere gözegçilik etmek, sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen baglanyşykly we beýleki meselelere garaldy.

2-nji iýul. Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy, şeýle hem käbir taýýarlanan resminamalaryň taslamalaryna garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.