Resmi habarlar gysga setirlerde

30 Iýul 2021
58

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Halifa bin Zaýed Al-Nahaýýandan hat geldi. Onda: «Biziň ýurtlarymyzyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de pugtalandyrmak hem-de işjeň ösdürmek maksady bilen, jenap Ahmed Alhaý Hamad Hamis Al Hamelini Birleşen Arap Emirlikleriniň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine belledim.

Onuň belent şahsy häsiýeti, başarnygy hem-de tejribesi öz üstüne ýüklenilen wezipäni üstünlikli ýerine ýetirjekdigine we Siziň Alyhezretiňiziň makullamagyna hem-de ýokary bahasyna mynasyp boljakdygyna ynam döredýär» diýlip bellenilýär.