Täzelikler

30 Iýul 2021
60

Hormatly Prezidentimiziň gowaçanyň bol hasylyny ýetişdirmek, pagta ýygymyna guramaçylykly taýýarlyk görmek baradaky tabşyryklary Dänew etrabynda hem günübirin ýerine ýetirilýär. Şu ýyl etrabyň pagtaçylary 18500 gektar gowaça ekilen meýdandan 50700 tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýärler.

Etrapda gowaçanyň ýokary hasyl berýän «S-2606», «Ýolöten-39», «Jeýhun» ýaly görnüşleri ekildi. Häzirki wagtda hasyl ýygymy üçin kombaýnlaryň 34-si taýýarlyk nyzamynda durýar, olaryň ählisi «John Deere» kysymly meşhur tehnikalardyr. Etrabyň çäginde pagta kabul ediş bölümleriniň 6-sy, pagta arassalajy kärhanalaryň 2-si bar. Olarda hem täze hasyly kabul etmek üçin zerur bolan şertler döredilýär. Daýhan birleşikleriniň 15-sinde möhüm möwsüm bilen baglanyşykly taýýarlyk işleri ýaýbaňlandyryldy. Barlaghanalar, elektron tereziler, çyglylygy gysga wagtda kesgitleýän enjamlar taýýar edildi, sortlar boýunça tassyklanan etalon nusgalar pagta kabul ediş nokatlarynda kärendeçileriň döwlete tabşyrýan çig malynyň hilini bökdençsiz kesgitlemegi üpjün eder.