Göwünleriň ganatlanýan döwründe

30 Iýul 2021
72

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar, gazanylýan şanly ösüşler we ýetilýän belent sepgitler her birimiziň göwnümizi galkyndyryp, mähriban Watanymyza bolan söýgimizi artdyrýar. Watanymyzy özgertmek, ony okgunly ösýän döwletleriň hataryna goşmak ugrundaky işleriň düýp maksady bolsa halkymyzyň abadançylygyny, eşretli ýaşaýşyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň maksatnamasyna laýyklykda paýtagtymyzda we welaýatlaryň ählisinde häzirkizaman ülňülerine laýyk gelýän halkara howa menzilleriniň, döwrebap myhmanhanalaryň, dynç alyş merkezleriniň halkyň hyzmatyna berilmegi-de döwletimiziň ykdysady kuwwatynyň barha artýandygyny görkezýär.

Halmurat SETDAROW,
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Dänew etrap komitetiniň başlygy.