Geljek hakda alada

30 Iýul 2021
82

«Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäni öňe süren milli Liderimiziň tagallasy bilen sporty we bedenterbiýäni ösdürmäge, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmäge, ony durmuşa ornaşdyrmaga uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň ýörite Karary bilen «Türkmenistanda ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň» hem-de ony amala aşyrmak boýunça meýilnamanyň tassyklanylmagy Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýaşlar baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Ýurdumyzda ýaşlara hemmetaraplaýyn bilim we terbiýe berilmegi, olaryň şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin zerur şertleriň döredilýändigini buýsanç bilen bellemek bolar. Ýaş nesillerde ruhy-ahlak gymmatlyklary, sagdyn durmuş ýörelgelerini, watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, ekologiýa medeniýetini kemala getirmek, olary jemgyýete wepaly, zähmetsöýer, ylymly-bilimli, ýurdumyzyň hemmetaraplaýyn ösüşine mynasyp goşant goşýan kämil şahsyýetler edip ýetişdirmek ugrunda uly işler amala aşyrylýar.

Döwrüň belentliklerini nazarlap barýan güneşli Diýarymyzda ýaşlaryň jemgyýetde mynasyp orny eýelemekleri, bedenterbiýe we sport bilen yzygiderli meşgullanmaklary, köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşmaklary şeýle hem saýlap alan ugurlary boýunça kämilleşmekleri ugrunda döwlet tarapyndan alnyp barylýan ýaşlar syýasatynyň ähmiýeti örän uly bolup, ýurduň geljekki ösüşi şol syýasat bilen aýrylmaz baglydyr. Alnyp barylýan bu işler türkmen ýaşlarynyň pikirlenişine, dünýägaraýşyna oňyn täsirini ýetirmek bilen birlikde ilatyň saglygyny berkitmekde has netijeli usullaryň birine öwrülýär. Bu bolsa hemmetaraplaýyn ösen, kämil nesliň kemala gelmegine şert döredýär.

Mergen ISAÝEW,
«Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Halaç etrap bölüminiň hünärmeni.