Agajanda ynam bar

30 Iýul 2021
107

Agajan Temirow öz daýhan hojalygyny şu ýylyň başlarynda döretdi. Täze döredilen daýhan hojalygyna 351 gektar meýdan bölünip berildi. Şonça meýdanyň 286 gektary ekerançylyk üçin ýaramly ýerler hasaplanylýar, galanyny özleşdirmek öňde esasy wezipe bolup durýar. Agajan 99 ýyl möhlet bilen berlen ýeriň 140 gektarynda gowaça ekdi. Ýeriň beýleki bölegi ekin dolanyşygyny geçirmek üçin ulanylýar.

Hormatly Prezidentimiziň ýer eýeleri üçin döreden mümkinçiliklerinden peýdalanmaga yhlas bilen girişen Agajan Temirow Türkiýäniň ýokary okuw mekdepleriniň birinde oba hojalygy ugrundan agronom-inžener hünäri boýunça bilim aldy. Ol öz alan bilimlerini iş ýüzünde çynlakaý peýdalanmaga başlady. Ýaşlygyndan ekerançylyk bilen ykbalyny baglan oba ýigidi daýhan hojalygy üçin ýer bölünip berlen dessine öz etsem-petsemlerini durmuşa geçirip başlady. Ýaňy 30 ýaşyny tegeläp barýan daýhan ýigidiň işleri ugruna. Onuň gowaçalarynyň ösüşi ýer eýesiniň erjeldigini hem-de okap öwrenenlerini durmuşa geçirmäge ynamly ýapyşýandygyny görkezýär. Onuň daýhan hojalygy şu ýyl 200 tonna «ak altyn» ýygnamagy maksat edinýär. Munuň üçin ähli şertler bar.

Erkin NYÝAZOW,
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Döwletli etrap geňeşiniň başlygy.