Ätiýaçlandyryş — maddy kepiliň açary

30 Iýul 2021
65

Welaýatymyzyň döwlet ätiýaçlandyryş guramasy ukyply fiziki ýa-da ýuridik şahslar, karz edaralary tarapyndan berilýän karz pul serişdesini ýeňillikli almak üçin we halkyň islegini kanagatlandyrmak maksady bilen, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrligi bilen ylalaşyp, Türkmenistanyň Döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň 2020-nji ýylyň 20-nji noýabryndaky 136 belgi bilen tassyklanylan, «Karz alyjylaryň karzlarynyň üzülmändigi üçin jogapkärçiliginiň meýletin ätiýaçlandyryş Kadalaryny» ilata hödürledi.

Bu Kadalar XV bapdan ybarat bolup, olar karz alyjylaryň ätiýaçlandyryş şertnamasynyň şertlerine görä karz edarasynyň öňündäki karzlaryny öz wagtynda üzmändigi üçin jogapkärçiligi ätiýaçlandyrýar.

Zyýada HAÝYTMYRADOWA,
welaýat döwlet ätiýaçlandyryş guramasynyň işgärler bölüminiň hünärmeni.