Notarial işi kämilleşdirilýär

30 Iýul 2021
70

Ýurdumyzda sanly ykdysadyýete geçmek boýunça milli maksatnamany, şeýle hem «Türkmenistanyň adalat edaralarynyň ulgamyny ösdürmegiň 2017—2021-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny» berjaý etmek maksady bilen notariat ulgamynda hem elektron tehnologiýalary ornaşdyrmak dowam edýär. Ýurdumyzda bazar gatnaşyklarynyň giňden ýaýbaňlandyrylmagynyň, telekeçilik işiniň ösmeginiň netijesinde notarial hereketini amala aşyrmagyň halkara tejribesinden, internet torunyň çäksiz mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmak, döwrüň elektron tehnologiýalaryny ulanmak, elektron notariaty döretmek we ýola goýmak zerur bolup durýar.

Ýurdumyzda notariat işini kämilleşdirmek maksady bilen ähli notarial edaralaryna optiki-süýümli aragatnaşygy geçirilip, notarial hereketiň amala aşyrylmagynyň syryny saklamak bilen, notariatyň bir bitewi maglumatlar ulgamy döredildi. Bu maglumatlary toplamagyň, işläp taýýarlamagyň alnyp barylmagyny toplumlaýyn awtomatlaşdyrmak bilen, ilata çalt we netijeli hukuk kömegi bermekligi üpjün etmeklige gönükdirilendir. Şeýle hem ol maglumatlar babatda bilelikde hereket etmegiň (alyş-çalşyň) ähli görnüşlerini öz içine alyp, programmanyň we ornaşdyrylan enjamlaryň üsti bilen ýurdumyzyň ähli notarial edaralarynyň arasynda içgin aragatnaşygy saklamaga, işgärleriň bilimini giňeltmäge, özara pikir alyşmaga ýardam berýän daşlaşdyrylan görnüşde (onlaýn) okuw sapaklaryny we maslahatlary geçirmäge mümkinçilik döretdi. Şonuň ýaly-da bu ulgam döwlet notariuslary tarapyndan halkymyza edilýän hyzmatlaryň hilini ýokarlandyrmaga, hyzmat edilýän wagtyny tizleşdirmäge, amala aşyrylýan hereketleriň görnüşleriniň bir ülňüli görnüşde bolmagyna ýardam berýär. Notariat ulgamynda elektron tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy bilen «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň kadalaryna laýyklykda elektron resminamalar bilen bagly notarial hereketleri amala aşyrmagy, elektron sanly gollary ulanmagy we beýleki hyzmatlary ýola goýmak hem göz öňünde tutulýar. Agzalyp geçilen enjamlar diňe döwlet notarial edaralarynda bolman, eýsem, adalat edaralarynyň ulgamyna girýän beýleki gulluklarda hem ornaşdyryldy. Bu bolsa edaralaryň arasynda gozgalmaýan emläkler bilen bagly geleşikler boýunça ysnyşykly we çalt maglumat alyşmaklyga giň mümkinçilik döredýär.

Mamajan AREŞOWA,
Çärjew etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy.