Ilkinji Olimpiýa medaly

30 Iýul 2021
65

Türkmenistan 21 ýaşly agyr atletikaçy gyz Polina Gurýewa bilen taryhyndaky ilkinji Olimpiýa medalyny gazandy. Bu taryhy waka şu hepdäniň sişenbe güni Tokio ― 2020-niň çägindäki agyr atletika ýaryşlarynyň zenanlaryň arasynda 59 kilograma çenli agram derejesinde bolup geçdi.

Şol gün öz agram derejesinde dünýäniň iň güýçli 14 türgeniniň arasynda ýaryşan ildeşimiz ştangany götermegiň iki görnüşiniň jemi boýunça 217 kilogramlyk netije gazanyp, kümüş medala mynasyp boldy. Şunda Polina Gurýewanyň ştangany silterläp götermekde 96, iteklemekde bolsa 121 kilogram agyrlygy eýgerendigini aýtmak gerek. Bu netijeler, şol bir wagtyň özünde, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyp türgeniniň şahsy rekordlarydyr.

Agageldi ITALMAZOW,
ýörite habarçymyz.