Telekeçilik ösüş ýolunda

30 Iýul 2021
77

Häzirki wagtda hususy ulgam milli ykdysadyýetimizde möhüm orun eýeleýär. Döwletimiziň uly goldawy, soňky ýyllarda hususy telekeçiligi ösdürmek üçin döredilen hukuk binýady ýurdumyzda telekeçiligiň işjeň ösdürilmegini şertlendirdi. Täze taryhy döwür telekeçilik işiniň dikeldilýän, onuň netijeli ösdürilmegi, telekeçileriň mümkinçiliklerini açyp görkezmekleri üçin ähli şertleriň döredilýän eýýamy boldy. Türkmen telekeçileri ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine barha işjeň goşulýarlar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň telekeçilik ulgamynyň häzirki zaman ýokary tehnologiýaly innowasion önümçiligi, tutuşlygyna alnanda bolsa, kiçi we orta telekeçiligiň diňe bir milli däl, eýsem, dünýä ykdysadyýetiniň häzirki zaman ösüşiniň wezipelerini nazara almak bilen, düzümleýin özgerdilmegini ugur edinýändigini belleýär. Hususy kompaniýalaryň şähergurluşyk toplumyna, şeýle hem milli maksatnamasyna giňden çekilmegi ýurdumyzda telekeçiligi ösdürmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Hususy gurluşyk kompaniýalaryna ägirt uly döwlet buýurmalary ynanylýar. Olaryň köpüsi soňky ýyllaryň dowamynda üstünlikli durmuşa geçirildi.

«Aşgabat».