Gözellik dünýäsi

30 Iýul 2021
70

Hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallasynyň netijesinde dünýäniň owadan we ýaşaýyş üçin amatly şäherleriniň hatarynda öz ornuny pugtalandyrýan ak mermerli paýtagtymyz baýramçylyk lybasyna beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramyna taýýarlyk görülýän günlerde paýtagtymyzyň arassaçylyk, abadançylyk we ekologiýa derejesine möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zamanyň ösen talaplaryna laýyklykda, abadanlaşdyrylan şäher seýilgähleri iň gelim-gidimli ýerleriň birine öwrüldi.

Ýurdumyzyň baş şäheriniň abadançylyk, arassaçylyk hem-de ekologiýa ýagdaýyna möhüm üns berilmegi paýtagtymyzda ýakymly howa gurşawynyň emele gelmegini şertlendirýär. Şäheriň çäklerinde bar bolan baglara, seýilgäh zolaklaryna we ekilen güllere degişli derejede ideg edilmegi paýtagtymyzyň ekologiýa taýdan abadan şähere öwrülmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Meýlismyrat GURBANOW,
Aşgabat şäher häkimliginiň bölüm müdiri.