Demokratik ýörelgelere eýerip

30 Iýul 2021
63

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň ynsanperwer, demokratik başlangyçlary esasynda ýurdumyzda uly özgertmeler üstünlikli durmuşa geçirilýär, raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga gönükdirilen demokratik ýörelgeler has-da pugtalandyrylýar. Şol çäreleriň hatarynda, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň toýlanylýan ýylynyň iýul aýynda täzeden döredilen etrap saýlaw toparlaryny görkezmek bolar.

2016-njy ýylda döredilen etrap saýlaw toparlarynyň bäş ýyllyk ygtyýarlyk möhletiniň tamamlanýandygy sebäpli, bu saýlaw toparlaryny täzeden döretmek işleri Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, tassyklanylan meýilnama esasynda we bellenilen möhletde Aşgabat şäher saýlaw topary tarapyndan guramaçylykly amala aşyryldy. Aşgabat şäherinde saýlawlar bilen bagly işleriň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda ykrar edilýän syýasy köpdürlülik, ýagny köp partiýalylyk we halk häkimiýetlilik ýörelgeleri esasynda geçirilýändigi aýratyn bellärliklidir.

Ogulmaral REJEPOWA,
Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň edarasynyň Guramaçylyk müdirliginiň esasy hünärmeni.