Belent maksatlar rowaçlanýar

30 Iýul 2021
66

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň her bir güni hormatly Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary bilen şanly wakalara, beýik işlere, buýsançly ösüşlere beslenýär. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk baýramçylygynyň şanyna biri-birine utgaşýan täze binalaryň açylyş dabaralary Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň berkarar Diýarymyzyň belent şygaryna öwrülendigini nobatdaky gezek tassyklady. Şunda Lebap welaýatynda şu ýylyň başynda ulanmaga berlen Akina — Andhoý beketlerini birleşdirýän 30 kilometrlik demir ýoly, Kerki — Şibirgan aralygynda çekilen 150 kilometrden gowrak elektrik geçirijisi, Ymamnazar — Akina we Serhetabat — Turgundy optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamy, «Malaý» gaz käninde täze gaz gysyjy desga milli ykdysadyýetimiziň pugtalandyrylmagynda aýratyn ähmiýete eýedir.

Golaýda hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Kerki etrabynda Kerki Halkara howa menziliniň, Türkmenabat şäherinde «Türkmeniň ak öýi» binasynyň ulanmaga berilmegi, Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde sagatda 100 ýolagça niýetlenen Halkara howa menziliniň düýbüniň tutulmagy, Balkanabat şäherinde, Daşoguz welaýatynda 3 müň orunlyk «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň ulanmaga berilmegi hem ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dabaralandyrýar.

Maral MÖWLAMOWA,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň uly mugallymy.