Garpyzyň saglyga peýdasy

30 Iýul 2021
71

Sahawatly topragyň kereminden dörän ekinleriň biri-de garpyzdyr. Garpyzyň saglyga peýdasy juda kändir, köp dertleriň dermanydyr. Bu süýji nygmatyň gadymy döwürlerde-de bejeriş häsiýetiniň bardygy anyklanypdyr. Garpyzyň gyzgyny peseldiji häsiýeti bolup, ol sowuklamanyň dürli görnüşlerinde peýdalydyr. Ýürek-damar, aşgazan-içege ulgamynyň, peşew çykaryş ýollarynyň, böwregiň, öthaltanyň işjeňligini kadalaşdyrmak, çiş kesellerinde, garyn garahassalygynda, içgatamada, sarygetirmede, gepatitde, bagyr serrozynda peýdalydyr. Garpyzyň buşukdyryjy häsiýeti bolup, holesteriniň, duzlaryň daşary çykmagyna kömek edýär. Ganazlykda, artritde, podagrada, sklerozda peýdalydyr.

Bu nygmatyň düzüminde peýdaly ýokumlaryň bardygyny hünärmenler tassyklaýarlar. Onda kaliý, belok, kalsiý, magniý, fosfor, demir ýaly mikroelementler, B1, B2 witaminleri, karotin, foliý we askorbin turşusy, ýumşak kletçatkalar bar. Şeýle-de, garpyzyň paçagynda köp mukdarda karotin kaliý bar. Çigidi içege gurçuklaryna garşy örän täsirlidir. Güneşli Diýarymyzyň ir-iýmişlere baý bazarlarynda garpyz näçe diýseň bar. Garpyzyň kömegi bilen bedeni arassalamak örän peýdalydyr. Ter hem-de sowuk garpyzy iýmegiň lezzeti-de bir başga.

Sona ILMUHAMMEDOWA,
Aşgabat şäherindäki 4-nji saglyk öýüniň şepagat uýasy.